Çempionlar ligasy: «Barselona» "PSŽ-den" utulyp gaýtdy, «Borussiýa» «Atletikony» ýeňdi

  • 17.04.2024 12:50
  • 12k+

2023/24 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ilkinji gatnaşyjylar belli boldy. Dortmundyň “Borussiýasy” “PSŽ” topary bilen duşuşar.

1/4 finalyň jogap oýnunda “PSŽ” “Barselonany” utdy.
Parižde geçirilen ilkinji oýunda kataloniýalylar 3:2 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Jogap oýnunyň başynda hem artykmaçlyk “Barselonanyň” tarapyndady. Topar eýýäm 12-nji minutda Rafinýanyň goly bilen öňe çykmagy başardy. Oňa topy Çempionlar ligasynyň pleý-off taryhynda iň ýaş assistent bolan 16 ýaşly Lamin Ýamal geçirdi.
Ýöne 29-njy minutda “Barselonanyň” goragçysy Ronald Arauho oýnuň düzgünini bozandygy sebäpli gyzyl duýduryş alandan soň ähli zat üýtgedi. 56-njy minutda artykmaç emosionallygy sebäpli “Barselonanyň” baş tälimçisi Hawi hem oýundan aýryldy.
Şeýlelikde, “Barselona” dört jogapsyz goly sypdyrdy. Parižlileriň düzüminde Usman Dembele (40), Witinýa (54), Kilian Mbappe (61 – pen., 89) tapawutlandy. Ahyrky netije “PSŽ-niň” peýdasyna 1:4 boldy.

Dortmundyň “Borussiýasy” bilen Madridiň “Atletikosynyň” arasyndaky oýun diýseň netijeli boldy.
“Borussiýa” oýnuň birinji ýarymynda Ýulian Brandtyň (34) we Ýan Matseniň (39) kömegi bilen iki gol geçirdi. Ikinji ýarymy myhman oýunçylar işjeň başlady. 49-njy minutda “Borussiýanyň” goragçysy Mats Hummels topy öz derwezesine geçirdi, 64-nji minutda bolsa “Atletikonyň” hüjümçisi Anhel Korrea hasaby deňledi.
Şondan soň Dortmundyň kluby ýene iki gol geçirdi – 71-nji minutda hüjümçi Niklas Fýullkrug, 74-nji minutda Marsel Zabitser tapawutlandy.
Şeýlelik bilen, iki oýnuň jemi boýunça (2:3, 4:2) “Borussiýa” Çempionlar ligasynyň 1/2 finalyna çykdy. Bu ýerde topar “PSŽ” bilen oýnar.
18-nji aprele geçilýän gije “Mançester Siti” – Madridiň “Realy” we “Bawariýa” – “Arsenal” oýunlary geçiriler.
Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlary 30-njy aprelde we 1-nji maýda, jogap oýunlary 7-nji we 8-nji maýda bolar.


şu gün 13:51
5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.2k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......