Serdar Berdimuhamedow UN-Habitat maksatnamasynyň ýolbaşçysyna birnäçe teklipleri beýan etdi

  • 16.04.2024 22:20
  • 12k+

Şu gün, 16-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar bilen ýurdumyzyň we Maksatnamanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda ýurdumyz UN-Habitatyň durnukly şäherleşme boýunça dostlar Toparyna we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda UN-Habitatyň wekilhanasyny açmak meselesi Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji mejlisinde ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň ýurdumyza saparyny guramagy teklip etdi. Şu saparyň maksady hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemekden we netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmekden ybarat bolup biler. Bu resminama özara gatnaşyklaryň hukuk binýady bolup hyzmat eder.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, birnäçe teklipleri, şol sanda şähergurluşyk    ulgamynda kanunçykaryjylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk usulyýetlerini we mehanizmlerini öwrenmek baradaky teklipleri beýan etdi.  Munuň özi şäherleriň durnukly ösmegine ýardam eder. Şeýle hem ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, tebigy betbagtçylyklary durnukly we durmuş taýdan amatly şäherleri ösdürmek boýunça ählumumy maksatnamalary hem-de strategiýalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek, şäher infrastrukturasyny gurmakda we dolandyrmakda döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak teklip edilýär.  Öz tarapyndan Türkmenistan  UN-Habitatyň şu meseleler boýunça tekliplerine seretmäge taýýardyr.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......