NASA-nyň DART missiýasynyň uran asteroidiniň bölekleri Marsa howp salýar. Adamlara onuň näme dahyly bar?

  • 16.04.2024 21:37
  • 13k+

NASA-nyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda asteroidi ýolundan sowmak maksady bilen başlanan Double Asteroid Redirection Test (DART) missiýasy garaşylmadyk netijelere getirdi: çaknyşyk wagtynda emele gelen kosmos galyndylarynyň käbir bölekleri Marsa tarap ugur alyp biler diýip, iXBT habar berýär.

DART Dimorfos asteroidi bilen üstünlikli çaknyşyp, onuň orbitasyny üýtgedip bildi. Şeýle-de bolsa, çaknyşyk netijesinde köp mukdarda owranyp-döwlen bölekleriň käbiriniň Gyzyl Planeta howp saljakdygyny gözlegler görkezdi.
Ýewropa kosmos gullugynyň astronomy Marko Fennuççi bilen Italiýanyň Milli astrofizika institutynyň astronomy Albino Karbonýani asteroidden bölünen 37 sany harsaňyň dördüsiniň Mars bilen çaknyşyp biljekdigini görkezýän modelirleme geçirdiler – olaryň ikisi, takmynan, 6000 ýyldan we ýene ikisi bolsa 15 000 ýyldan çaknyşmaly.
Bu bölekler Ýere howp salmasa-da, olaryň Mars bilen çaknyşmagy Gyzyl planetadaky geljekki adam koloniýalaryna çynlakaý zeper ýetirip biler. Diametri dört-ýedi metr aralygyndaky harsaňlar baryp urlanda planetanyň üstünde diametri 300 metre çenli bolan kraterleri döredip biler.
Ozal Ilon Maskyň 20 ýylda bir milliona golaý adamy Marsa ibermek meýilnamasyny hödürländigini ýatladýarys.


şu gün 00:18
169

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....