SpaceX Falcon 9 raketasy bilen iki sany täze rekord goýdy

  • 15.04.2024 15:15
  • 5.3k+

SpaceX kompaniýasy Florida ştatynyň Kanaweral burnundan Starlink-iň 23 hemrasyny alyp barýan Falcon 9 raketasyny üstünlikli uçurdy. Bu iki sebäbe görä möhüm uçuryş boldy:

Basgançagyň 20-nji uçuşy: Taryhda ilkinji gezek Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagy 20-nji üstünlikli uçuşyny tamamlady. Bu üstünlik SpaceX raketasynyň ygtybarlylygyny we ony gaýtadan ulanyp boljakdygyny görkezýär, ulanyşda tygşytly edýär.
Uçuryşlaryň arasyndaky iň gysga wagt boýunça täze rekord: Kanaweral burnundan uçurylyş öňkiniň yzýanyndan we şu meýdançadan goýberilen iň çalt uçuş boldy. Iki uçurylyşyň arasyndaky tapawut - bary-ýogy 2 gün 20 sagat boldy, bu öňki rekorddan 21 sagat çalt.

Rekord goýan basgançagyň deňizde ýüzýän platforma üstünlikli gonandygyny, munuň bolsa geljekde ony ulanmaga mümkinçilik berýändigini bellemelidiris.


düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

04.05.2026 11:12
1.3k+

Lego konstruktory stratosfera uçurylandan soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Awe Mariýa” taslamasy” («Проект “Аве Мария”») filminiň sýužeti esasynda döredilen Lego konstruktory stratosfera uçuşyndan soň dünýä rekordyny goýdy....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

15.04.2026 16:56
1.4k+

SpaceX kompaniýasy xAI sebäpli ýyly $18,5 mlrd girdeji we $5 mlrd ýitgi bilen tamamlady

SpaceX kompaniýasy geçen ýyly 18,5 milliard dollar girdeji we 5 milliard dollar töweregi zyýan bilen tamamlady. Bu barada «The Information» neşirine salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi....