Mekir aň. Alymlar emeli aňyň hilegärlik edip bilýändigini öňe sürýärler

  • 14.04.2024 14:33
  • 4.2k+

“PLOS One” žurnalynda neşir edilen täze ylmy gözlege görä, ösen emeli aň modelleri hakykatda eýe bolan derejesinden has pes aň derejesini “ýasap”, aldawly hereketi görkezip bilerler.

Gumboldt adyndaky Berlin uniwersitetiniň we Pragadaky Karlow uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri uly dil modelini (LLM) aň nazaryýetiniň ölçegleri boýunça synagdan geçirdiler. Emeli aň synagynyň çäklerinde soraglara jogap berip, 1-den 6 ýaş aralygyndaky çagalaryň özüni alyp barşyna “öýkünmek” wezipesi goýuldy. 1000-den gowrak synagy geçip, modeller hakyky çagalaryňky bilen meňzeş kognitiw ösüşi, şeýle-de öz netijelerini bilkastlaýyn peseltmek ukybyny görkezdiler.
Bu açyş, emeli aňyň çalt ösmegini dowam etdirýändigi sebäpli, geljekde olaryň şeýle hereketleriniň potensial netijeleri barada pikirlenmäge sebäp döredýär.
“PsyPost” neşiri bilen söhbetdeşlikde gözlegiň awtory Anna Maklowa bu açyşlaryň adam ýaly pikirlenmäge we hereket etmäge ukyply umumy emeli aňyň (AGI) ösüşinde uly ähmiýete eýe bolup biljekdigini belledi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...