“Fulhemiň” oýunçysy Munis Angliýanyň çempionatynda aýyň futbolçysy saýlandy

  • 14.04.2024 14:12
  • 4.2k+

“Fulhemiň” braziliýaly hüjümçisi Rodrigo Munis mart aýynda Angliýanyň premýer-ligasynyň iň gowy futbolçysy saýlandy diýlip, ýaryşyň web sahypasynda habar berilýär.

Geçen aý braziliýaly hüjümçi dört duşuşykda oýnady, dört gol saldy we bir ýardam pasyny berdi. 29-njy tapgyrda “Tottenhem” bilen oýunda (3:0) dubl etdi.
Baýrak ugrunda şwesiýaly Aleksandr Isak (“Nýukasl”), argentinaly Aleksis Makallister (“Liwerpul”), angliýalylar Koul Palmer (“Çelsi”) we Ben Waýt (“Arsenal”), ganaly Antuan Semenýo (“Bornmut”), günorta koreýaly Son hyn Min (“Tottenhem”) bäsleşdi.
Aýyň iň gowy tälimçisi “Bornmuta” ýolbaşçylyk edýän Andoni Iraola boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar mart aýynda dört oýun oýnap, üç ýeňiş gazandy we iki gezek deňme-deň oýnady. Klub 41 utuk bilen 12-nji ýerde barýar.
Baýrak üçin Iraoladan başga-da, “Arsenalyň” tälimçisi Mikel Arteta, “Liwerpulyň” tälimçisi Ýurgen Klopp we “Tottenhemiň” baş tälimçisi Angelos Postekoglu dalaşgär görkezildi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......