Apple ähli Mac kompýuterlerine emeli aň ornaşdyrýar

  • 14.04.2024 14:17
  • 2k+

Apple 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ähli Mac hataryny emeli aňly täze M4 çipleri bilen täzelär.

Bloomberg-iň berýän habaryna görä, kupertinoly kompaniýa her Mac enjamyna emeli aň mümkinçilikleri bolan M4 çipleriniň täze neslini ornaşdyrmagy  meýilleşdirýär.
Täze M4 çipleri üç görnüşde bolar: Donan, Brava we Hidra. Donan MacBook Pro-nyň, MacBook Air-niň we Mac mininiň esasy modellerinde, Brava ýokary öndürijilikli MacBook Pro-da, Hidra bolsa ýokary derejeli Mac Pro-da ulanylar.
Bu täzelenme, M2 bilen deňeşdirilende derekli öndürijilik görkezmedik, 2023-nji ýylyň güýzünde çykan M3 çiplerinden ep-esli gowy netije görkezer.
M4-e emeli aňyň girizilmegi Apple-iň öz enjamlarynyň öndürijiligini we işleýşini gowulandyrmaklyga gönükdiren has giň strategiýasynyň bir bölegidir.
Apple -iň baş direktory Tim Kuk 2024-nji ýylyň fewralynda kompaniýanyň üstümizdäki ýylda önümlerinde görkezjek öz emeli aň ulgamlarynyň üstünde işleýändigini habar berdi.
Geçen maliýe ýylynda Mac-yň satuwynyň 27 göterim peselmegi Apple-e islegi höweslendirmek üçin täze çözgütleri gözlemäge itergi berdi. Emeli aňly täze M4 çipleri sarp edijileriň Mac kompýuterlerine bolan gyzyklanmasyny gaýtaryp getirjek faktor bolup biler.


30.05.2026 00:14
2.3k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......