Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň diplomatlary 15-nji aprelde Daşkentde ýygnanarlar

  • 13.04.2024 18:12
  • 5k+

Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň daşary işler ministrleri 15-nji aprelde Daşkentde ýygnanarlar. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda habar berildi.

“15-nji aprelde Daşkentde “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategiki dialogynyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçiriler” – diýlip, habarda aýdylýar.

Duşuşyga Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, şeýle-de Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, BAE-niň, Omanyň, Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Diplomatlar 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Jiddada geçirilen Strategiki dialogyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň nähili durmuşa geçirilýändigi baradaky maglumatlar bilen paýlaşarlar.
Şeýle-de, olar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlarda hem-de howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar diýip, Özbegistanyň DIM-i belledi.

“Şeýle-de, 2025-nji ýylda Samarkantda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” görnüşindäki indiki sammite taýýarlyk boýunça pikir alyşylar” – diýip, edara belledi.

Duşuşygyň ahyrynda bilelikdäki beýannamany kabul etmek meýilleşdirilýär.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......