«Başga planetalylar bilen duşuşyk?» Kononenko kosmos durmuşy barada soraglara jogap berdi

  • 12.04.2024 19:41
  • 24k+

12-nji aprelde, Kosmonawtika gününde Roskosmosyň kosmonawtlar toparynyň komandiri, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) TASS agentliginiň okyjylarynyň soraglaryna jogap berdi. Belläp geçsek, kosmonawt agentligiň ýörite habarçysydyr.

Ters düşünjeler barada:
Kosmonawt, esasan, kosmos uçuşlaryny “nobatdaky” diýip atlandyrsalar halamaýar.

“Ekspedisiýanyň ähli uçuşlary dürli wezipeler, tejribeler toplumy we özboluşly uçuş programmasy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, kosmosa uçuşyň dürli töwekgelçilikler we howply bolup biljek ýagdaýlar bilen utgaşýandygyny göz öňünde tutsaň, olary nobatdaky diýip atlandyryp bolmaz we atlandyrmaly däl” diýip, Kononenko hasaplaýar.

Dartgynlylygy aýyrmak barada:
Işden we açyk kosmosa çykylandan soň güýji dikeltmek üçin kosmonawtlara sagdyn uky gerek. Uky üçin 10-12 sagat bölünip aýrylýar.

“Ertirki gün ekipažyň oýanmagy has gijräk wagta meýilleşdirilýär” diýip, Kononenko belleýär. Şeýle-de, goşmaça dynç alyş we trenažorda türgenleşik geçmek gerek.

Iýmit barada (şol sanda gijäniň ýarynda):
HKS-de iýmit berk düzgünleşdirilendir. Ýöne eger kosmonawt gije ajyksa, şeýle ýagdaýlar üçin ýörite göz öňünde tutulan “bonus-konteýnerlerden” (aýda 1-i) peýdalanyp biler.

Başga planetalylar bilen duşuşyk barada:
Başga planetalylar bilen duşuşyk ýagdaýy üçin görkezme ýok.

“Bu, elbetde, adatdan daşary we mümkin däl diýen ýaly ýagdaý, ýöne eger şeýle duşuşyk bolsa, ähli zat ýerinde çözler. Bu ýagdaý üçin hiç hili görkezme ýa-da gollanma ýok”.

Arassaçylyk işleri barada:
HKS-de arassaçylyk işleri deň derejede paýlanýar. Arassalaýyş berk düzgünleşdirilen bolup, her hepde (adatça, şenbe güni) geçirilýär.

“Üstesine-de, arassalaýyş işleriniň irizmezligi üçin biz bellenilen günde kimiň haýsy zolagy we moduly arassalamalydygy barada ylalaşýarys. Haçan-da stansiýada ýene arassaçylyk işleriniň wagty gelende, biz paýlaşan ýerlerimizi üýtgedýäris” diýip, Kononenko belleýär.

HKS-de ýakymsyz yslar barada:

“Bu dogry däl. HKS-de arassa we tämiz, gowy howa bar. Howany arassalaýyş ulgamy dogry işleýär, üstesine-de, stansiýanyň atmosferasyndaky howany ionlaşdyrýan ýörite “Potok” sistemamyz bar”.

Daşary ýurtly astronawtlar bilen önüm alyşmak arada:
Kosmonawtlar Russiýanyň konserwlerine, sublimatlaryna we tworogyna ýokary baha berýärler. Kononenkonyň özi amerikan önümlerinden süýjülikleri, tegelek çörekleri we eti gowy gowy görýär. “Olarda tagamy boýunça grilde taýýarlanan eti ýatladýan dürli et görnüşleri bar”.

Arzuwlar barada:
HKS-de kosmonawtlar kofe maşynlary, holodilnik, dynç alyş, fiziki maşklar, gözlegler we foto-düşürişler üçin has giň we döwrebap kaýutalar, modullar barada arzuw edýärler.

Agramsyzlyk ýagdaýyndan soň uky barada:
Ýere gaýdyp geleniňden soň ilkinji günler bedeniň adaty bolmadyk agramy sebäpli düşekde ýatmak kyn bolýar. Ýöne birnäçe günden soň organizm uýgunlaşýar.

Bu Kononenkonyň jogaplarynyň gysgaça beýany. Doly interwýuny TASS saýtynda okap we görüp bilersiňiz.


düýn 17:34
2.6k+

Amyderýadan Aşgabada: ýaş tebigatçylar üçin ekologiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin okuw maslahaty......

düýn 11:25
5.8k+

«Türkmenfilm» «TÜRKSOÝ-yň» Molla Nasreddin hakyndaky filmini düşürmäge ýardam berdi

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda surata düşürilýän «Molla Nasreddin — kyn günleriň dosty» atly halkara çeper filminiň surata düşüriş meýdançalarynyň birine öwrüldi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr»......

21.04.2026 22:37
1.4k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy Gran-pri ýaryşlarynyň Aşgabat tapgyryny yglan etdi

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy 2026-njy ýylyň 3 — 8-nji maýy aralygynda milli Gran-pri ýaryşlarynyň «Aşgabat» tapgyrynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde......

21.04.2026 12:08
3.3k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......