Max Space başlangyjy ilkinji çişirilen moduly 2025-nji ýylda orbita çykarar

  • 12.04.2024 12:16
  • 2.6k+

Amerikanyň Max Space başlangyjy indiki ýyl ilkinji çişirilýän moduly orbita çykarmagy meýilleşdirýär diýip, Space News habar berýär.

Ilkinji Max Space 20 moduly eplengi ýagdaýda 2 kub metre eýe bolar, ýöne orbitada ýazylyp ýerleşdirilenden soň 20 kub metre çenli ulalar. Bu ony kosmosa iberilen iň uly çişirilýän modul eder.
Max Space-iň baş direktory Aaron Kemmer kompaniýanyň 100-den 1000 kub metre çenli sygymly dürli modullaryny döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle modullaryň önümçiliginiň häzirki onýyllygyň ahyryna çenli özleşdirilmegine garaşylýar.
Çişirilýän modullar, adaty metal gurluşlara garanda, birnäçe artykmaçlyga eýe bolup biler. Olar has ýeňil we has ykjam bolany üçin öndürmekde çykdajysy az. Şeýle hem has çalt ýazyp ýerleşdirip bolýar, bu proses birnäçe sagat dowam edýär.
Ýene bir amatly tarapy – kompaniýalar moduly  dürli ululykda we konfigurasiýada döredip bilerler.


şu gün 00:18
1.6k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
3.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....