ABŞ Samsung-a subsidiýa görnüşinde 6,6 milliard dollar berer

  • 12.04.2024 12:06
  • 4.2k+

ABŞ-nyň Söwda ministrligi Samsung Electronics kompaniýasyna 6,6 milliard dollar subsidiýa berer diýip, Reýter agentligine salgylanýan iXBT.com habar berýär.

Bu serişdeler Tehas ştatynyň Teýlor şäherinde dört desgany gurmak üçin sarp ediler.
Zawodlaryň biri ösen tehnologiki ülňüler boýunça çip öndürer we 2021-nji ýylda Samsung tarapyndan yglan edilen 17 milliard dollarlyk taslamanyň bir bölegi bolar.
Samsung-yň beýleki üç kärhana üçin meýilnamalary entek yglan edilmedi.
Bu subsidiýa ABŞ-da ýarymgeçirijileriň önümçiligini höweslendirmäge niýetlenen CHIPS kanunynyň çäklerinde berilýär.
Ondan öň, Taýwanyň TSMC kompaniýasy 6,6 milliard dollar möçberinde şuňa meňzeş subsidiýa alypdy.


şu gün 00:36
298

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

22.05.2026 20:30
2.4k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....