UEFA ýewrokuboklaryň finallary üçin petek bahalaryny yglan etdi

  • 11.04.2024 18:53
  • 13k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) resmi saýtynda häzirki möwsümiň ýewrokuboklarynyň final oýunlary üçin petekleriň satylyp başlanandygyny habar berdi. Bu barada RIA Nowosti ýazýar.

Çempionlar ligasynyň finaly
1-nji iýunda Londonyň “Uembli” stadionynda geçiriljek Çempionlar ligasynyň finaly üçin iň arzan petekler 70 ýewro bolar. Stadion jemi 90 müň tomaşaçyny sygdyrýar, dünýäde satyn almak üçin bolsa 60 müň petek elýeterlidir. Finala gatnaşyjy toparlaryň her biri janköýerler üçin 25 müň petek alar.
Çempionlar ligasynyň finaly üçin petekleriň bahasy kategoriýa baglydyr:

  • · Dördünji kategoriýa: 70 ýewro
  • · Üçünji kategoriýa: 190 ýewro çenli
  • · Ikinji kategoriýa: takmynan, 500 ýewro
  • · Birinji kategoriýa: azyndan 710 ýewro

Ýewropa ligasynyň finaly
Ýewropa ligasynyň finaly 22-nji maýda Irlandiýadaky 50 müňden gowrak tomaşaçyny sygdyrýan “Dublin Arenada” geçiriler.
Ýewropa ligasynyň finaly üçin petekleriň bahasy:

  • · Dördünji kategoriýa: 40 ýewro
  • · Üçünji kategoriýa: 65 ýewro
  • · Ikinji kategoriýa: 100 ýewro
  • · Birinji kategoriýa: 150 ýewro

Finala çykan toparlaryň her biri 12 müň petek alar.

Konferensiýalar ligasynyň finaly
Konferensiýalar ligasynyň finaly 29-njy maýda Afinydaky 30 müňden gowrak tomaşaçyny sygdyrýan AEK meýdançasynda geçiriler.
Ýaryşyň finaly üçin petekleriň bahasy:

  • · Dördünji kategoriýa: 25 ýewro
  • · Üçünji kategoriýa: 45 ýewro
  • · Ikinji kategoriýa: 85 ýewro
  • · Birinji kategoriýa: 125 ýewro

Gatnaşyjy toparlar öz janköýerleri üçin 9 müň petek alar.

UEFA-nyň Super kubogynyň finaly
UEFA-nyň Super kubogynyň finaly 14-nji awgustda Polşada Warşawadaky Milli stadionda geçiriler. Stadionyň sygymy – 58 müňden gowrak tomaşaçy.
UEFA-nyň Super kubogynyň finaly üçin petekleriň bahasy:

  • · Üçünji kategoriýa: 30 ýewro
  • · Ikinji kategoriýa: 80 ýewro
  • · Birinji kategoriýa: 130 ýewro

Ýewrokuboklaryň final oýunlary üçin petekleri UEFA-nyň resmi saýtynda satyn alyp bolar.


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....