Eplenýän Xiamo Mix Fold 4 smartfonynyň aýratynlyklary belli boldy

  • 11.04.2024 16:12
  • 5.4k+

Internet torunda eplenýän Xiamo Mix Fold 4 smartfonynyň esasy häsiýetleri barada maglumatlar peýda boldy. Gurluş heniz resmi taýdan anons edilmedi diýip, Android Headlines habar berýär.

Bellenilişi ýaly, täze gurluş Snapdragon 8 Gen 3 flagman prosessory bilen işlär. Smartfon ekranynyň durulygy özünden öňki Mix Fold 3-den (1916x2160 piksel) ýokary bolar, ýöne anyk maglumatlar heniz ýok.
Xiamo Mix Fold 4-üň foto-mümkinçilikleriniň Xiamo 14 Ultra-dan birneme pes bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, smartfon dört kameradan ybarat ulgama eýe bolar: 50 Mp Light Hunter 800 datçikli esasy, 60 Mp Omnivision OV60A teleobýektiwi, 13 Mp ultra-giň burçly OV13B kamerasy we aýratynlygy heniz belli bolmadyk dördünji datçik.
Smartfonyň içki we daşky displeýlerinde 16 Mp kameralar oturdylar. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, Xiamo Mix Fold 4 diňe Hytaýda satylar. Gurluşyň resmi tanyşdyrylyşy awgust aýynda bolup biler.


düýn 01:33
3.3k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...