Beýik Britaniýada ilkinji gezek kagyz pullardaky monarhyň keşbi üýtgedildi

  • 11.04.2024 15:36
  • 5.3k+

Angliýanyň banky ilkinji gezek kagyz pullardaky monarhyň keşbini üýtgetdi. Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-ä öz keşbini saklaýan täze banknotlar gowşuryldy. Bu barada Bukingem köşgüniň sosial ulgamlardaky resmi sahypasyna salgylanyp, kp.ru habar berdi.

“Şu gün irden patyşa Angliýanyň bankynyň ýolbaşçysy Endrýu Beýli we baş kassir Sara Jon bilen audiensiýa wagtynda öz keşbini saklaýan ilkinji kagyz pullar gowşuryldy” – diýlip, habarda bellenilýär.

Mundan beýläk patyşanyň keşbi dolanyşykdaky ähli nominallarda: 5, 10, 20 we 50 funtluk kagyz pullarda bolar.
Täze banknotlar 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda dolanyşyga girer. Karlyň keşbi bolan banknotlar şa aýaly Ýelizaweta II şekillendirilen öňki kagyz pullar bilen bilelikde ulanylar.


14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...