Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi

  • 23.05.2025 15:45
  • 6.8k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Hindi ummanyndaky Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna geçirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi diýip, «BBC» habar berýär.

Arhipelag ýedi adadan ybarat. 1965-nji ýyldan bäri Diego-Garsiýa adasynda Beýik Britaniýa bilen ABŞ-nyň bilelikde ulanýan harby bazasy ýerleşýär.
Ylalaşyga görä, harby baza ýene 99 ýyl Beýik Britaniýanyň kärendeçiliginde galar. Şol döwürde London Mawrikiýe her ýyl 101 million funt sterling tölär (bu möçber Mawrikiýiň JIÖ-niň, takmynan, 1%-ine barabardyr).
Arhipelag 1814-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň garamagyndady. 1965-nji ýylda Mawrikiý entek koloniýa wagty, Çagos beýleki adalardan aýrylyp, harby baza gurmak üçin ulanyldy. Şondan soňky ýedi ýylyň dowamynda, tutuş ýerli ilat zor bilen göçürildi.
Mawrikiý Respublikasy 1968-nji ýylda garaşsyzlygyny aldy we şondan bäri arhipelagy yzyna almak üçin tagalla edip gelýär. 2019-njy ýylda BMG-niň Halkara kazyýeti Çagosyň yzyna gaýtarylmalydygy barada karar kabul etdi. Adalaryň yzyna gaýtarylmagy boýunça gutarnykly ylalaşyk 2024-nji ýylyň oktýabrynda gazanyldy.
Diego-Garsiýadaky harby baza ABŞ bilen Britaniýa üçin strategiki ähmiýete eýedir.


düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5.1k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...