ÇL-iň 1/4 finaly: “Barselona” Parižde “PSŽ-ni” utdy, “Atletiko” “Borussiýadan” üstün çykdy

  • 11.04.2024 12:50
  • 8.2k+

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň birinji oýnunda “Barselona” myhmançylykda “Pari Sen-Žermeni” 3:2 hasabynda utdy.

Kataloniýalylaryň düzüminde Rafinýa iki gol bilen tapawutlandy (37-nji, 62-nji minutlar), ýene bir goly meýdança çykan badyna Andreas Kristensen (77) geçirdi. “PSŽ-niň” düzüminde gollary Usman Dembele (48) we Witor Ferreýra (50) girizdi.

Madridiň “Atletikosy” Dortmundyň “Borussiýasyndan” üstün çykdy. Ispaniýada geçirilen oýun 2:1 hasabynda tamamlandy.
“Atletikonyň” düzüminde Rodrigo de Paul (4) we Samuel Lino (32), “Borussiýadan” Sebastýan Aller (81) gol bilen tapawutlandy.
Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýunlary 17-nji aprele geçilýän gije bolar.


şu gün 16:49
1.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

şu gün 16:09
2.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

şu gün 12:42
4.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

şu gün 12:35
2.9k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....