Adam beýnisinden 2000 esse güýçli bolan Deep South superkompýuteri aprel aýynda işe giriziler

  • 11.04.2024 07:56
  • 6.2k+

2024-nji ýylyň aprel aýynda Awstraliýanyň Halkara neýromorf ulgamlar merkezi neýromorf hasaplaýyş pudagynda rewolýusion ädim boljak Deep South superkompýuterini işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada gizmochina salgylanyp, ixbt.com habar berýär.

Çeşme Deep South-yň diňe beýnä däl, eýsem tutuş adam bedenine “öýkünýändigini” belleýär. Adaty elektronikadan tapawutlylykda, Deep South maglumatlary saklamagy we işlemegi birleşdirip, beýniniň netijeliligini görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, superkompýuter adam beýnisinden 2000 esse çalt işläp, sekuntda 228 trillion amaly ýerine ýetirer.
Bu superkompýuteriň döredilmegi alymlara diňe bir adam beýnisiniň işleýşine has çuň düşünje bermek bilen çäklenmän, eýsem newrologiýa kesellerini öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Superkompýuter gözlegçilere şu aşakdakylara mümkinçilik berer:

  • - Newrologiýa näsazlyklarynyň sebäplerini takyk anyklamak üçin neýronlaryň arasyndaky baglanyşygy seljermäge;
  • - Okuw prosesini wizuallaşdyrmaga;
  • - Dermanlaryň we garramagyň beýniniň işine täsirini öwrenmäge.

Deep South-yň neýrobiologiýa, lukmançylyk, emeli aň we beýleki pudaklarda gözlegler üçin güýçli gural bolmagyna garaşylýar. Superkompýuter düýbünden täze hasaplaýyş ulgamlarynyň döremegine getirip biler.


düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......