PETRONAS Malaýziýada UTP-de okamak üçin talyp hakly orunlary hödürleýär

  • 11.04.2024 07:41
  • 13857
PETRONAS Malaýziýada UTP-de okamak üçin talyp hakly orunlary hödürleýär

“PETRONAS” kompaniýasy Malaýziýadaky “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik Uniwersitetinde (UTP) okamak üçin aşakdaky dersler boýunça talyplara doly talyp haklaryny hödürleýär:

  • Himiýa inženerçiligi
  • Elektronika we elektrotehnika
  • Inženerlik mehanikasy
  • Nebiti we gazy almagyň tehnologiýasy
  • Nebit we gaz geologiýasy
  • Maglumat ulgamlary
  • Maglumat tehnologiýalary

Talaplar:
Ýüz tutujynyň maşgala ýagdaýy: öýlenmedik/durmuşa çykmadyk
Ýaş: 17-24 ýaş
Inženerlik kurslary: Orta mekdebi himiýa, matematika, fizika boýunça üstünlikli tamamlan
Tehnologiki kurslar: Orta mekdebi matematika boýunça gowy netijeler bilen tamamlan
TOEFL (Iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenme synagy) ýa-da IELTS (Halkara iňlis dili synagy ulgamy) boýunça iňlis dili biliminiň Sertifikaty - iň az bal: IELTS 5.0 ýa-da TOEFL PBT 500 bal// iBT 50 bal;

Tabşyrmak üçin
Ýüz tutma arzasyny tabşyrmak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmak gerek:

  • Ýüz tutujynyň rezýumesi
  • Pasport ölçegdäki on iki (12) surat, 3,5 sm (ini) x 5 sm (beýikligi), ak fonda we jpeg/gif formatda
  • Ýerli we daşary ýurt pasportynyň nusgasy (möhleti 24 aýdan az bolmaly däl)
  • Orta bilim hakynda şahadatnama (birinji üç çärýeklik boýunça hödürnama)
  • Iňlis dili boýunça Sertifikat (TOEFL ýa-da IELTS)
  • Beýleki bar bolan şahadatnamalar we goşmaça resminamalar
  • Harby biletiň nusgasy (eger bar bolsa)

*Ýüz tutma arzasyna diňe hemme resminamalar bar bolan ýagdaýynda serediler
**Aragatnaşyk maglumatlaryny anyk görkeziň we maglumatlaryň dogry we takykdygyna göz ýetiriň
Hemme soraglar boýunça “PETRONAS” kompaniýasynyň ofisiniň telefon belgisi: +99312398000
Elektron poçta boýunça ibermek üçin: utpintake@petronas.com
Ýüz tutma möhleti: 01.05.2024 çenli.
Anketany salgylanma boýunça ýa-da “PETRONAS” kompaniýasynyň, Türkmenistan, Aşgabat säheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaýy, salgysyndaky ofisinden alyp bilersiňiz.


11.06.2024 12:10
7292

ÝHHG talyp hakly magistr maksatnamasyna ýazylyşygy yglan etdi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça talyp hakly magistr maksatnamasyna ikinji ýazylyşygy yglan etdi. Maksatnama Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Mongoliýadan...

07.06.2024 22:55
11729

Hytaýda we Rumyniýada okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul etmegiň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine...

05.06.2024 19:30
16143

Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminalary kabul etmek dowam edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini dowam edýär. Hytaý Halk Respublikasynyň...

05.06.2024 19:23
10228

Rumyniýada okamaga isleg bildirýänleriň resminalaryny kabul etmek dowam edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini dowam edýär. Bu barada Magtymguly adyndaky...