Kewin Kostneriň “Gözýetimleri” Kannda görkeziler. Ol filmiň üstünde takmynan 40 ýyl işledi

  • 10.04.2024 22:25
  • 5.3k+

Kewin Kostneriň Amerikanyň raýat urşunyň ilkinji ýyllary we ýurduň günbatar serhedinde ýaşaýan ýerli amerikan halklary barada gürrüň berýän “Gözýetimleri” 77-nji Kann film festiwalynyň meýilnamasyna goşuldy. Filmiň ilkinji görkezilişi 19-njy maýda bolar diýip, kino görkezilişiniň guramaçylarynyň saýtyna salgylanýan Film.ru habar berýär.

Taslamada baş keşbi ýerine ýetirýän Kostner “Gözýetimleriň” üstünde 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan bäri işleýär. Ol iň soňky gezek filmini Kannda 2003-nji ýylda hödürledi ("Açyk giňişlik").
Täze taslamada Sienna Miller, Sem Wortington, Jena Meloun, Lýuk Wilson, Jowanni Ribizi, Denni Hýuston we başgalar hem surata düşdüler.
2024-nji ýyldaky Kann halkara film festiwaly 14-25-nji maý aralygynda geçiriler. Maksatnama 11-nji aprelde yglan ediler. Açylyşda Lea Seýdunyň oýnamagynda “Ikinji akt” komediýasy görkeziler. Şeýle hem bäsdeşlikden daşarda Jorj Milleriň “Furioslar” filminiň dünýäde ilkinji görkezilişi bolar.


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....