Meta emeli aň bilen döredilen mazmunlara bellik goýar

  • 10.04.2024 22:47
  • 2.7k+

Maý aýyndan başlap Meta amerikan korporasiýasy emeli aň tarapyndan döredilen mazmun üçin ýörite bellik girizýär. Emeli aň mazmunyna bellik kompaniýa degişli Facebook, Threads we Instagram programmalarynda goýlar. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

“Emeli aňyň kömegi bilen döredilen” belligini ulanyjylar, şeýle-de neýroulgamlaryň işiniň alamatlaryny ýüze çykarsa, kompaniýanyň özi-de goýup biler. Öň, Meta neýroulgamlar tarapyndan döredilen adamlary saklaýan wideolary, eger olar wideoda durmuşda etmeýän zatlaryny edýän bolsalar, gadagan edipdi. Indi dipfeýklerden başga-da, neýroulgamlardan başga köp sanly mazmunlar peýda boldy, şonuň üçin kompaniýa syýasatyna täzeden garamak kararyna geldi.

Meta söz azatlygyny çäklendirmekde aýyplamalaryň bolmagyny islemeýär, şonuň üçin şeýle mazmunlary gadagan etmän, bellik bilen tapawutlandyrmak kararyna geldi. Eýýäm häzir neýroulgamlardan fotorealistik şekillere bellik edilýär, geljekde wideo- we audio-mazmunlara hem şeýle bellik goýlar.


16.05.2026 23:58
2.8k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
966

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...