Intuitive Machines-iň bökegen roboty Aýda suw we baza üçin ýer gözlemäge gider

  • 09.04.2024 14:27
  • 4.9k+

Amerikanyň Intuitive Machines başlangyjy Aýyň günorta polýusynda kyn ýerleri öwrenmek üçin South Pole Hopper robotyny döreder. Naked Science-iň berýän habaryna görä, robot suw gözlär, sebitiň geologiki aýratynlyklaryna baha berer we regoliti öwrener.

South Pole Hopper agramy 35 kilogram we beýikligi 70 santimetr bolan kiçijik awtonom apparat. Ol takyk gonuş ulgamy, kameralar, infragyzyl datçikler we neýtron spektrometr bilen üpjün ediler.
Robot bäş-alty böküş eder. Birinjisi, 20 metrlik “giriş böküşi”, ikinjisi bolsa 100 metrlik böküş inženerler toparyna robotyň tehniki ýagdaýy barada maglumat almak üçin zerurdyr. Soňra iň uzyn 300 metrlik böküş Marston krateriniň gyrasyna çenli bolar, onuň yzyndan krateriň özüne böker, kölegeli ýere girer, soň bolsa robot dag gerşine gaýdyp geler. Eger ýangyjy ýetse, South Pole Hopper altynjy böküşini eder, şol döwürde enjam daş-töweregi öwrener.
Robot radiasiýadan goraljak hem-de suw we energiýa bilen üpjün ediljek geljekki Aý bazasy üçin ýer saýlamaga kömek eder.
South Pole Hopper şu ýyl taýýar bolar we eger hemme zat meýilleşdirilişi ýaly gitse, ol noýabr-dekabr aýlarynda Aýyň üstünde bolar.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....