Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 09.04.2024 06:43
  • 9.1k+

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýokary sylagyň Walentina Matwiýenkonyň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmeginiň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandynyň ykrary bolup durýandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistana bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşygy üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Russiýa Türkmenistan üçin hemişe ýakyn goňşy, dostlukly ýurt, strategik hyzmatdaş bolmagynda galýar.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglar we iň gowy arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi hem-de iki döwletiň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlar boýunça döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda energetika, söwda, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä eýe bolýandygy nygtaldy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......