Alymlar adamy çepbekeý edýän geni tapdylar

  • 08.04.2024 10:24
  • 15k+

Niderlandlardaky Maks Plankyň psiholingwistika institutynyň alymlary näme üçin adamlaryň ep-esli böleginiň çepbekeýdiginiň sebäbini kesgitlediler.

Nature žurnalynda neşir edilen bu gözleg beýik britaniýaly  350 müň adamyň, şolardan 38 müňüsi çepbekeý bolan  ynsanlaryň maglumatlarynyň derňewine esaslanýar.
Bütin dünýäde adamlaryň, takmynan, 10% -niň çepbekeý bolup dogulýandygy mälimdir. Adamlaryň aglabasynyň kelle beýnisiniň çep ýarym şary has ösen bolýar, hut şol hem işjeň sag eli dolandyrýar. Şeýle-de bolsa, her onunjy adamda bu ýagdaý  tersinedir - sag ýarym şaryň işjeň bolmagy olary çepbekeý edýär. Ýaňy-ýakyna çenli beýniniň şeýle asimmetrik ösmeginiň sebäbi düşnüksizdi.
Täze gözlegler bu syryň TUBB4B geninde gizlenýändigini görkezdi.
Alymlaryň sözlerine görä, bu gen içerki öýjük gurluşyny kesgitleýän mikroturbajyklara birleşýän belok üçin jogapkärdir. TUBB4B-de mutasiýa saglakaýlarda däl-de, çepbekeýleriň arasynda has ýygy duş gelýär.
Gözlegçiler çepbekeýler bilen psihiki gyşarmalaryň arasynda baglanyşygyň bardygyny bellediler. Şeýlelik bilen, saglakaýlar bilen deňeşdirilende, çepbekeýleriň arasynda şizofreniýadan ejir çekýänler iki esse we autizmli adamlar üç esse köp.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....