Toyota Prius-yň rekord üstünligini, Camry-niň gazananlaryny we Supra bolan islegiň peselendigini mälim etdi

  • 06.04.2024 18:14
  • 16k+

Toyota Motor Corporation 2024-nji ýylyň birinji çärýegi üçin hasabatyny çap etdi, onda Prius bilen Camry -nyň satuwynda rekord derejedäki ösüş we Supra-a bolan islegiň peselendigi görünýär.

Prius iň ýokary derejesine ýetdi: gibrid Prius-yň satuwy 2023-nji ýylyň birinji çärýegine garanyňda 138,6 göterim ýokarlap, 13 327 birlige ýetdi. Bu modeliň taryhynda çärýek boýunça alaňda iň ýokary görkeziji.
Beýleki gibridler hem ösýär: RAV4-iň, Corolla-nyň, Corolla Cross-yň we Camry Hybrid-iň satuwlary hem ösüşi görkezýär. Hususan-da, Camry 78 337 sany ulag satyp, 18,6 göterim ösüş gazandy.
Tundra-nyň ösüşi hem oňyn: bu pikapyň satuwy 31% ýokarlap, 36 215 birlige ýetdi.
Supra meşhurlygyny ýitirip barýar: Supra sport kupesiniň satuwy 44,4 göterim peselip, 484 birlik boldy. Bu model 2020-nji ýylda bazara gaýdyp geleli bäri iň pes çärýeklik görkezijidir. Model ilkinji gezek gönüden-göni bäsdeşi Nissan Z-den yza galdy.  Nissan Z-nyň satuwy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 446 göterim artyp, 466-dan 671 ulaga ýetdi.  
Supra-nyň hatary 2023-nji ýylda el bilen geçiriş opsiýasyny aldy we 45 ýyllyk ýubileýi mynasybetli çykarylan 45th Anniversary Edition bilen tanyşdyryldy, ýöne bu hem oňa islegiň azalmagyny saklap bilmedi.
Seljerijiler Toyota-nyň gibridleriniň 2024-nji ýylda islegli ulag bolup galjakdygyna ynanýarlar, bu bolsa ýyllyk satuwyň rekord bolmagyna sebäp bolup biler.


şu gün 09:57
2.5k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
2k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......