Ýörite agentlik Golliwudyň aktýorlaryny dipfeýkden gorar

  • 06.04.2024 06:08
  • 7.3k+

Golliwudyň zehinleri gözlemek boýunça agentligi WME artistleri dipfeýkden goramak üçin Loti startapy bilen şertnama baglaşdy. Internetde birugsat kontenti tapmak üçin programma üpjünçiligi boýunça ýöriteleşen kompaniýanyň hünärmenleri müşderileriň galp suratlaryny we ses ýazgylaryny kesgitlärler hem-de olary aradan aýyrmak üçin çäreleri görerler. Bu barada Los Angeles Times habar berýär.

Deepfake (dipfeýk) emeli aň esasynda şekil döretmek usuly bolup, onuň algoritmleri bar bolan wideo we ses faýllaryndaky hem-de fotosuratlardaky elementleri üýtgetmek üçin taýýarlanýar. Tehnologiýa 2017-nji ýylda peýda boldy.
Emeli aňyň ösmegi bilen zehinleri gözlemek boýunça agentlikler Golliwudyň ýyldyzlaryny olaryň abraýyna, brendine we girdejisine zyýan ýetirip biljek ýalňyş maglumat berýän suratlardan we wideolardan goramagyň derejesini güýçlendirmek kararyna geldiler. Neýroulgamlaryň ösmegi bilen, dipfeýkler ýerine ýetirijiler üçin çynlakaý meselä öwrüldi. Galp wideolar meşhur adamlaryň hiç haçan aýtmadyk ýa-da etmedik zatlaryny aýdýandyklaryny hem-de edýänlerini görkezýär. Dipfeýk mahabatda hem ulanylýar: Golliwudyň ýyldyzy aslynda ulanmadyk önümini öwýän ýaly görünýärler. Galp suratlar hakyka şeýle bir meňzeýär welin, olary tapawutlandyrmak köp adam üçin gaty kyn. Hünärmenler bu kynçylygyň has-da güýçlenjekdigine ynanýarlar.
Oňa garşy göreşmek üçin hem şeýle ýaragy – emeli aňy ulanmak kararyna geldiler. Loti kompaniýasynyň meşhur müşderileriniň hakyky şekillerine we hakyky ses ýazgylaryna esaslanýan neýroulgamlar internet toruna gözegçilik edýär, galp ýazgylary tapýar, şondan soň kompaniýanyň işgärleri awtorlyk hukugyny bozýan suratlaryň we wideolaryň aýrylmagyny talap edip, onlaýn platformalara haýyşnama iberýärler.


şu gün 11:08
1.5k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.4k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....