Palmer APL-iň taryhynda iň giçki ýeňiş goluny geçirdi

  • 06.04.2024 05:52
  • 9.1k+

«Çelsi» toparynyň ýarymgoragçysy Koul Palmer APL-iň 31-nji tapgyrynda «Mançester Ýunaýtede» garşy duşuşykda (4:3) liganyň taryhynda iň giçki ýeňiş goluny geçirdi.

Palmer duşuşygyň 90+11-nji minutynda tapawutlandy, ondan öň ol penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Squawka neşiriniň habar bermegine görä, ýarymgoragçy APL-iň taryhynda iň giçki ýeňiş goluna adyny ýazdyrdy (100 minut 39 sekunt). Futbolçy bu oýunda het-trik etdi. Şu duşuşyga çenli «Çelsi» Angliýanyň çempionatynda ýedi ýyl bäri «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip bilmeýärdi.


düýn 23:57
1.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.8k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......