Keýn 2023-nji ýylda iň köp gol geçiren oýunçy hökmünde IFFHS-niň baýragyna mynasyp boldy

  • 06.04.2024 05:46
  • 4340
Keýn 2023-nji ýylda iň köp gol geçiren oýunçy hökmünde IFFHS-niň baýragyna mynasyp boldy

«Bawariýanyň» hüjümçisi Harri Keýn Futboluň taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan 2023-nji ýylda ýokarky diwizionlarda iň köp gol salan futbolçy hökmünde baýraga mynasyp görüldi.

2023-nji ýylda Keýn 38 gol saldy. Hüjümçi Mýunheniň «Bawariýa» toparynyň düzüminde 21 gezek we Germaniýanyň klubuna geçmezden ozal oýnan «Tottenhem» toparynda 17 gezek tapawutlandy. Görkezijiler dünýäniň iň gowy 100 ligasyndan hasaba alynýar.
Görkezijileri boýunça Keýne iň ýakyn oýunçylar «PSŽ-niň» hüjümçisi Kilian Mbappe we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Olaryň ikisi hem 34 gol geçirdiler.
Ondan öň Keýn ilkinji möwsüminde salan gollarynyň sany boýunça Germaniýanyň çempionatynyň rekordyny täzeledi. Bundesliganyň 26-njy tapgyrynda «Darmştadta» garşy oýnunda (5:2) 30 ýaşly futbolçy duşuşygyň 45+1-nji minudynda tapawutlanmagy başardy. Bu angliýaly futbolçynyň bu möwsümdäki 31-nji goly boldy. Keýnden öň bu üstünlik 1963/64-nji möwsümde Germaniýada ilkinji ýylynda 30 pökgi geçiren Uwe Zeýelere degişlidi.
Harri Keýn 2023-nji ýylyň tomsunda «Tottenhemden» «Bawariýa» geçdi, onuň şertnamasy dört ýyla niýetlenendir.


düýn 15:34
4809

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň "Turan" klubunyň baş tälimçisi boldy

22-nji iýunda Gurban Berdiýew resmi taýdan Azerbaýjanyň «Turan» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Taraplaryň degişli ylalaşyga gol çekendiklerini klubuň sport direktory Samed Nasibow habar berdi. Berdiýew bilen...

düýn 12:06
7296

Ýewro-2024: Gruziýanyň ilkinji utugy, Portugaliýa pleý-off-da, Belgiýa Rumyniýany utdy

Germaniýada futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň E we F toparlarynyň arasynda ikinji tapgyr duşuşyklar geçirildi. Gruziýanyň milli ýygyndysy Çehiýa bilen 1:1 deňme-deň oýnady. Gamburgda geçen oýun ahyryna çenli...

düýn 00:13
8875

Futbol boýunça Afrika milletleriniň kubogy yza süýşürildi

Afrika milletleriniň kubogy – 2025-iň soňky tapgyry 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda Marokkoda geçiriler. Bu barada Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň (CAF) resmi saýtyna...

22.06.2024 17:48
10269

“Ýewroda” 16 ýaşly Ýamal 23:00-dan giç oýnasa, Ispaniýa jerime salnyp bilner

Ýewro-2024-de çykyş edýän Ispaniýanyň milli ýygyndysyna kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmeti baradaky Germaniýanyň kanunlarynyň bozulandygy üçin jerime salnyp bilner. Munuň sebäbi ýaryşyň taryhynda iň ýaş oýunçy...