2024-nji ýylyň Kann festiwalyny açjak film belli boldy

  • 05.04.2024 14:49
  • 6.2k+

Lea Seýdunyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Ikinji akt” (Second Act) komediýasy 77-nji Kann kinofestiwalyny açar. Bu barada festiwalyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, film.ru habar berýär.

Bu filmiň režissýory hökmünde Kwentin Dýupýe çykyş etdi. “Ikinji akta” Lui Garrel, Wensan Lindon we Rafael Kenar hem gatnaşdy. Filmiň premýera görkezilişi 14-nji maýda bäsleşikden daşary geçiriler – şol gün film Fransiýanyň ähli kinoteatrlarynda çykar.
Sýužet ýoluň gyrasyndaky kafede ýaýbaňlanýar. Florens (Seýdu) gowy görýän ýigidi Dawidi (Garrel) öz kakasy Giýom (Lindon) bilen tanyşdyrmak isleýär. Ýagdaý Dawidiň Florensi asla söýmeýändigi we oňa özüne derek dosty Willini (Kenar) hödürleýändigi bilen çylşyrymlaşýar.
Mundan öň, Kann-2024-üň programmasyna Anýa Teýlor-Joýyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde “Furiosa: Telbe Maksyň hronikasy” (Furiosa: A Mad Max Saga) girdi. Festiwala gatnaşyjylaryň sanawy 11-nji aprelde belli bolar. Emin agzalarynyň başlygy Greta Gerwig (“Barbi”) bellendi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....