NASA Aý üçin bir umumy wagt ülňüsini taýýarlaýar

  • 05.04.2024 10:55
  • 3k+

Ak öý NASA agentligine Aý we beýleki asman jisimleri üçin bir umumy wagt ülňüsini döretmegi tabşyrdy. Bu barada Ak öýüň Ylmy-tehniki syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Arati Prabhakaryň gulluk hatyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär. Muny ixbt.com ýetirýär.

Resminama laýyklykda, Aýdaky adamlar üçin Ýeriň sagatlary bir gije-gündizde ortaça 58,7 mikrosekunt yza galar, Ýer wagty bilen başga-da tapawutlar bar. Şonuň üçin Aý wagtynyň bir umumy ülňüsi bolmazdan kosmos enjamlarynyň arasynda maglumatlary geçirmegiň howpsuzlygyny we Ýeriň, Aý hemralarynyň, bazalaryň we astronawtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň sinhronlaşdyrylmagyny üpjün etmek kyn bolar. Mundan başga-da, wagt taýdan tapawut kartalary düzmekde we Aýda ýa-da onuň orbitasynda ýerleşilýän ýeri kesgitlemekde ýalňyşlyklara getirip biler.
OSTP Aý wagtyny takyk kesgitlemek üçin Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünde atom sagatlaryny guramagyň zerur boljakdygyny çaklaýar.  Ahyrynda, bir wagt ülňüsi Aýda dürli amallary ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
2026-njy ýyla çenli ABŞ Aýa meýilleşdirilen astronawtly uçuşyň öňüsyrasynda sazlaşykly Aý wagtyny girizmegi meýilleşdirýär. “Artemida-3” missiýasy 1972-nji ýyldaky “Apollon-17” missiýasyndan bäri Aýyň üstüne astronawtlaryň ilkinji gonuşy bolar.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......