Makgregoryň gatnaşmagyndaky “Ýoldaky jaý” filmi strimingde rekord goýdy

  • 05.04.2024 10:22
  • 19k+

Amazon Jeýk Jillenholyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Ýoldaky jaý” filminiň rekord başlangyç görkezijileri barada habar berdi. Ilkinji iki hepdede filme dünýäde 50 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.

Bu taryhda Prime Video platformasynda iň uly kino çykyşy boldy (film 21-nji martda görkezilip başlandy). “Ýoldaky jaý” 1989-njy ýylyň adybir filminiň remeýkidir. Sýužet bara işe ýerleşýän öňki söweşiji Dalton (Jillenhol) barada gürrüň berýär.
Filme UFC-niň söweşijisi Konor Makgregor hem gatnaşdy. Režissýor hökmünde Dag Laýman çykyş etdi.


düýn 07:46
1.2k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....