Smartfony 30 sekuntda 30 dereje sowadyp bilýän gajet hödürlendi

  • 04.04.2024 22:52
  • 9.5k+

Red Magic oýun brendi smartfony bary-ýogy 30 sekuntda 30 dereje sowadyp bilýän täze Cooler 5 Pro kulerini hödürledi. Ol, aýratynam, ykjam oýunlaryň muşdaklary üçin peýdaly bolar diýip, Hi-Tech ýazýar.

Gajet iOS we Android enjamlary bilen gabat gelýär we onuň işleýşi MagSafe magnitli gurnama tehnologiýasyna esaslanýar.
Cooler 5 Pro smartfonyň temperaturasyna uýgunlaşýan emeli aňly termiki gözegçilik bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam Nubia kompaniýasy tarapyndan döredildi.
Resmi maglumatlar kuleriň 30 sekuntda temperaturany 28° C-dan 0°C-a çenli peseldip biljekdigini aýdýar.


7 ganatly ýelpewaç minutda 5500 aýlaw edýär, sesi bolsa 35 dB-den geçmeýär. 3D VC suwuk sowadyşyň meýdany 3060 inedördül mm.
Red Magic Cooler 5 Pro-da batareýa ýok, şonuň üçin ony smartfona ýa-da daşky zarýad berijä birikdirmeli.
Enjamyň bahasy arka klipssiz 59 funt sterling, klipsli 64 funt sterling.
Red Magic Cooler 5 Pro-nyň satuwy 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde başlar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....