Agzaçarda aşa köp iýmeklik iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmagyna getirip biler - bilermen

  • 04.04.2024 15:22
  • 13k+

Agzaçar wagtynda aşa köp iýmeklik iýmit siňdiriş ulgamyna aşa agram salyp biler. Stambulyň Ýeditepe uniwersitetiniň iýmitlenmek, berhiz tutmak we fitoterapiýa boýunça türk hünärmeni Buket Ertaş Sefer agyz bekleýänlere öz maslahatlaryny berdi.

Anadolu agentligine beren interwýusynda ol aşa köp iýmegiň aşgazan turşulygynyň ýokarlanmagyna we içiň bozulmagy, sary gaýnamagyna, içiň ýellenmegi, ýüregiň  bulanmagy we içgeçme ýaly sökelliklere sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Iýmit siňdirişiň bozulmagynyň sebäpleri, köplenç, aşgazan-içege ulgamynyň (GIT) haýsydyr bir keselleri bilen baglanyşyklydyr, mysal üçin, laktozanyň, glýuteniň we başgalaryň ýokmaýanlygy. Beýleki sebäpler:

  • Iýmiti howlukmaç iýmek: her bölegi mazaly çeýnäp iýmeli.
  • Agyr we ýagly iýmitler: gowrulan we ýagly tagamlary iýmekden saklanmaly.
  • Pes fiziki işjeňlik: agzaçardan soň pyýada gezelenç etmäge çalşyň.
  • Gaharlanmak we biynjalyk bolmak: rahatlanmag çalşyň.

Uzak wagt açlykdan soň, nahar iýmezden ozal, hünärmen otagyň ýylylygyndaky suw içmegi maslahat berýär. Bu bedeni iýmit kabul etmäge taýýarlamaga kömek eder.
Hünärmen gaýnadylan gök önümleri we et, ter gök önümli tagamlary agzaçarda beden üçin iň oňat iýmit diýip atlandyrýar.
Sefer: “Eger saçakda pide we palaw bar bolsa, şolardan birini saýlamak maslahat berilýär. Artykmaç uglewodlar iýmit siňdirişi kynlaşdyryp biler. Gyzyl et iýjek bolsaň, ýanynda hökman gök önüm bolmaly. Agzyňyzy suw bilen açyň, ýöne nahar iýýän wagtyňyz mümkin boldugyndan ondan gaça duruň. Gazlandyrylan içgileriň ýerine aýrany we kefiri ileri tutuň " - diýip maslahat berýär.

Oraza tutýanlar üçin beýleki maslahatlar:

  • Agzaçary çorbadan başlaň: bu aşgazanyňyzy nahara iýmäge taýýarlar.
  • Ýeňil we tiz siňýän iýmitleri saýlap, deňagramly we sagdyn iýmitleniň.
  • Howlukman, tagamy duýup iýiň, alňasamaň we iýmiti mazaly çeýnäň.
  • Köp suw içiň we günüň dowamynda ýitirilen suwuklyklaryň öwezini doluň.
  • Agzaçar bilen agyz beklemegiň aralygynda miwe iýiň we iýmit siňdirişiňizi agyz beklemäge taýýarlamak üçin otlardan ýasalan çaýlardan içiň.
  • Iýeniňi siňdirmek üçin agzaçardan soň ýeňiljek gezelenç ediň.
  • Kofe we çaý içmegi çäklendiriň: bu içgileriň buşukdyryjy täsiri bar.
  • Tutuş agşamyň dowamynda az-azdan suw owurtlap geziň: suwsaýançaňyz garaşmaň.
  • Iýmit siňdirişiňizde çynlakaý kemçilik bar bolsa, lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

düýn 07:29
2.7k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......