“Godzilla we Kong: Täze imperiýa” filmi dünýä prokatyny rekord ýygym bilen başlady

  • 02.04.2024 05:46
  • 10k+

Birinji uikendiň jemi boýunça “Godzilla we Kong: Täze imperiýa” filmi dünýäde 194 mln dollar gazandy. Netijede, film 2024-nji ýylda iň gowy başlangyjy görkezip, ilkinji dynç günleri 178 mln dollar gazanan Deni Wilnýowyň “Dýuna 2” filminden öňe geçdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Film, esasan, ABŞ-da köp gazandy – takmynan, 80 mln dollar. Onuň yzyndan Hytaý ($44 mln), Meksika ($12,8 mln) we Hindistan ($5,5 mln) gelýär. Häzir “Täze imperiýa” “Dýuna 2-den” (häzirki wagtda 626 mln dollar) we “Kung-fu Panda 4-den” (häzirki wagtda 347 mln dollar) öňe geçmek mümkinçiligi bilen 2024-nji ýyl üçin rekord ýygymy gazanmagyň ugrunda. Tomaşaçylar lenta “A” bahany berdiler – bu bolsa söweşli film üçin örän ýokary görkezijidir.
“Godzilla we Kong: Täze imperiýa” Legendary Pictures-iň MonsterVerse franşizasynda eýýäm bäşinji kartinadyr. Film iki mifiki jandaryň arasyndaky gapma-garşylyk hakynda gürrüň berýär.


düýn 22:06
861

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......