Apple Samsung sebäpli OLED ekranly iPad Pro-nyň çykjak senesini yza süýşürmeli boldy

  • 01.04.2024 23:42
  • 4.5k+

Täze nesil Apple iPad Pro planşetleriniň önümçiliginiň kesilmeginiň sebäbi belli boldy. Bu barada SamMobile habar berdi.

Abraýly çeşmeler ozal Apple kompaniýasynyň mart aýynyň ahyryna täze nesil planşetini hödürlejekdigini habar beripdiler. Şeýle-de bolsa, iPad Pro-nyň yglan edilmegi ýatyryldy. Bar bolan maglumatlara görä, bu Samsung önümçiligindäki kemçilik bilen baglanyşyklydyr.
Maglumatda koreý korporasiýasynyň amerikan hyzmatdaşyny talabalaýyk hilli OLED panelleri bilen üpjün edip bilmeýändigi aýdylýar. Şol sebäpli Apple LG Display-e ýüz tutmaly boldy. Şonuň üçin LG aprel aýynda önümçilik kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrar.
Samsung-yň kynçylyklary sebäpli LG Display-e Apple-iň sargytlarynyň 60 göterimi iPad Pro bilen baglanyşykly sargytlardan ybarat bolar. Täze planşetleriň esasy aýratynlygynyň OLED displeýiniň bolmagydyr – ol adaty IPS panelinden has ýagty we ýokary hilli hasaplanýar. Täze nesil planşetleriň maý aýynda çykmagyna garaşylýar.


24.06.2026 17:02
2.4k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......