FIDE-niň täzelenen reýtingi neşir edildi: Magnus Karlsen öňdeligi saklaýar

  • 01.04.2024 15:15
  • 4.8k+

Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) täzelenen reýtingi neşir edildi. Erkekleriň reýtinginde ilkinji onlukda hiç hili üýtgeşme bolmady diýip, TASS belleýär. Sanawda öňdebaryjylygy norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen (2830 utuk) saklaýar. Şeýle-de, liderleriň üçlügine amerikalylar Fabiano Karuana (2803) we Hikaru Nakamura (2789) girýär.

Olaryň yzyndan Özbegistandan Nodirbek Abdusattarow (2765), hytaýly Din Ližen (2762), Fransiýanyň wekili Alireza Firuja (2760) we russiýaly Ýan Nepomnýaşiý (2758) gelýär.
Zenanlaryň arasynda birinji orny hytaýly Hou Ifan (2632) saklaýar. Ikinji orunda onuň watandaşy Szýuý Wenszýun (2559) ýerleşýär. Üçlügi 2553 utuk bilen russiýaly Aleksandra Gorýaçkina jemleýär.
Erkekleriň we zenanlaryň arasynda dalaşgärler ýaryşy 4-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda (taý-breýk bolan ýagdaýynda 22-nji aprel aralygynda) Torontoda geçiriler. Açylyş dabarasy 3-nji aprelde bolar.
Dalaşgärler ýaryşynyň ýeňijileri häzirki dünýä çempionlary – Magnus Karlsen we Hou Ifan bilen küşt täçleri ugrunda bäsleşmäge hukuk gazanarlar.

düýn 14:53
6.8k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....