Inženerler smartfonyň kamerasy arkaly howply maddalary gözlemegi öwrendiler

  • 01.04.2024 17:57
  • 4.4k+

Günorta Koreýanyň Tegu Kýonbuk Ylym we tehnologiýalar institutynyň alymlary daşky gurşawdaky howply himiki maddalary ýüze çykarmak tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu usul datçikleriň reňkini seljermek üçin adaty smartfon kamerasyny ulanmagy göz öňünde tutýar.

Topar datçikleri metal-organiki çarçuwaly material esasynda düzdi. Enjamlar dürli uçujy organiki birleşmelere (UOS) sezewar bolanda reňkini üýtgedýärler. Olar 14 dürli UOS-nyň biri bilen galtaşanda dürli reňklerde bolýan alty dürli erginiň kömegi bilen döredildi.
Gözlegçiler ykjam telefonynyň kömegi bilen reňk üýtgemelerini seljerip, ýörite enjamlar bolmazdan tanamak kyn bolan zyýanly birleşmeleriň pes konsentrasiýalaryny hil we mukdar taýdan kesgitläp bildiler.
Bilermenleriň bellemegine görä, datçikler daşky gurşawyň hapalanmagyny kesgitlemek we gazyň syzmagynyň öňüni almak ýaly dürli maksatlar üçin ulanylyp bilner.
Taslamany döredijileriň pikiriçe, olaryň tehnologiýasyny gaz syzyşlaryny ýüze çykarmakdan başlap, adam tarapyndan döredilen betbagtçylyklaryň we hatda terrorçylykly hüjümleriň öňüni almakda giňden peýdalanmak mümkinçiligi bar.


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......