Microsoft we OpenAI Stargate superkompýuterini döretmeklige 100 milliard dollar maýa goýýar

  • 01.04.2024 14:22
  • 9k+

Microsoft we OpenAI kompaniýalary 100 milliard dollarlyk, emeli aňly Stargate superkompýuterini döretmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler. Bu barada taslama ýakyn üç çeşmä salgylanýan The Information neşiri habar berdi.

Superkompýuteriň görlüp-eşidilmedik hasaplaýyş güýjüne eýe boljakdygy we bar bolan maglumat işleýiş merkezlerine başartmaýan meseleleri çözmäge mümkinçilik berjekdigi habar berildi.
Stargate OpenAI-yň millionlarça ýöriteleşen çipleriniň esasynda işlär. Inženerler ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen çipleri we sowadyş ulgamyny ýerleşdirmek üçin täze arhitekturany ösdürerler.
Microsoft bu taslamany maliýeleşdirer. Stargate 2028-nji ýylda goýberilip başlanar.
Muňa ugurdaşlykda Microsoft 2026-njy ýylda işe girizilmeli, OpenAI-a niýetlenen  has kiçi dördünji faza superkompýuteriniň üstünde işleýär.
2024-nji ýylyň martynda Ilon Mask Microsoft bilen hyzmatdaşlygyň kompaniýanyň asylky täjirçilik däl wezipesine ters gelýändigini öňe sürüp, OpenAI-a we onuň baş direktory Sem Altmana garşy kazyýete  arza beripdi.
OpenAI 2015-nji ýylda täjirçilik däl gözleg laboratoriýasy hökmünde döredilipdi. Ilon Mask onuň esaslandyryjylaryň biri, ýöne 2018-nji ýylda kompaniýany terk edipdi. Maskyň aklawçylary 2020-nji ýylyň ortalaryna çenli onuň işine gatnaşmagyny dowam edendigini öňe sürýärler.


02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.5k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......