"Maýa goýumyň Stiw Jobsy": Reý Dalio öz esaslandyran Bridgewater hej-gaznasynda soňky paýyny satdy

  • 02.08.2025 17:50
  • 2.6k+

ABŞ-da iň uly hej-gaznalaryň biri bolan Bridgewater-iň esaslandyryjysy milliarder Reý Dalio kompaniýadaky soňky paýyny satyp, müdirler geňeşinden çykdy. Bu barada geçen hepdede hej-gaznanyň müşderilerine gönükdirilen hata salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär.

Kompaniýa Daliodan galan paýlaryny satyn aldy. Indi Bridgewater-iň iň uly eýeleriniň biri kompaniýanyň tas 20%-ine eýeçilik edýän Bruneýiň garaşsyz gaznasy boldy. Ýöne Bruneýiň maýa goýum agentligi (BIA) hatda gönüden-göni agzalmaýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, maýa goýumlar boýunça direktorlaryň biri Bob Prins hem gaznada uly paýy saklaýar.
75 ýaşly Dalionyň aýtmagyna görä, ol Bridgewater gaznalaryna maýa goýmagyny dowam etdirer we “müşderi hem halypa” hökmünde kompaniýanyň işine gatnaşar.
Dalio “maýa goýumda Stiw Jobs” diýlip atlandyrylýar. Ol 16 mlrd dollar baýlygy bilen Bloomberg Billionaires Index reýtinginde 150-nji orny eýeleýär. Öň onuň kapitalynyň esasy bölegi 50 ýyl mundan ozal esaslandyran we dünýäde iň uly hej-gaznalaryň birine öwren Bridgewater kompaniýasyndaky paýy bilen baglanyşyklydy. 2022-nji ýylyň sentýabrynda ol hej-gaznanyň ýolbaşçysy wezipesinden gitdi.
Dalio “Ýörelgeler. Durmuş we iş” (Principles: Life and Work) we “Dünýä tertibini üýtgetmegiň ýörelgeleri” (Principles for Dealing with the Changing World Order) bestsellerleriniň awtory hökmünde-de bellidir. 


11.11.2025 14:30
8.2k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy...

02.11.2025 20:05
2.5k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

21.08.2025 16:33
2.2k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...

13.08.2025 15:57
6.5k+

Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar

Samsung ABŞ-da çip öndürmeklige ozal meýilleşdirilen 37 milliard dollara derek, takmynan, 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Koreýanyň SEDaily neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa ýarymgeçiriji önümlerini import etmekde 100 göterimli amerikan paçlaryndan boşadylmagyna garaşýar...