Amerikaly astronawtlar Aýa ýyladyşhana we ylmy gurallary elterler

  • 01.04.2024 14:16
  • 7.1k+

NASA 2026-njy ýylda meýilleşdirilýän “Artemisda III” missiýasynyň çäginde üç sany ylmy enjamy Aýa eltip berer diýip, Space.com-a salgylanýan Naked Science ýazýar.

Bu enjamlaryň biri Aýyň ekstremal şertleriniň ösümlikleriň ösmegine we köpelmegine edýän täsirini öwrenmek üçin döredilen LEAF (“Aýyň oba hojalygyň ösümlik dünýäsine täsiri”) kiçi ýyladyşhanasy bolar. Synag alymlara Aýda nädip gök önümleri ösdürip ýetişdirmelidigine we ony geljekki Aý bazasy üçin iýmit çeşmesi hökmünde ulanyp boljakdygyna düşünmäge kömek eder.
Beýleki iki enjam - LEMS (Aýyň daşky gurşawyna gözegçilik stansiýasy) we LDA (Aýyň dielektrik analizatory). LEMS iki ýyllap Aý titremelerine gözegçilik etjek özbaşdak seýsmometrler toplumydyr. Bu Aýyň gabygynyň we mantiýasynyň gurluşyny karta geçirmäge mümkinçilik berer.
LDA Aý regolitiniň dielektrik häsiýetlerini ölçär, bu alymlara onuň gurluşy, gyrawyň ýa-da buzuň emele gelmeginiň mümkindigi barada maglumat almaga kömek eder.
Enjamlaryň üçüsi hem Aýyň günorta polýusynyň golaýynda ýerleşdiriler, şol ýerde geljekde Aý bazasyny gurmak meýilleşdirilýär.
Ozal biz Aý demir ýoly konsepsiýasynyň işlenilip taýýarlanýandygy barada habar beripdik.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.6k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....