Fransiýada Guççi maşgalasy barada serial çykarylar

  • 01.04.2024 13:24
  • 4.3k+

Gaumont fransuz kinostudiýasy Guççi maşgalasy, Gucci moda brendiniň döredijileri we eýeleri barada serial çykarar. Bu barada Numero salgylanyp, daily.afisha.ru ýazýar.

Taslamanyň üstünde tanymal maşgalanyň wekilleri işlär. Olar meşhur garyndaşlary bilen baglanyşykly wakalar barada öz garaýyşlaryny hödürlemek isleýärler.
Şouwy döretmek bilen Jorjo Guççi tarapyndan esaslandyrylan Alcor Film prodakşen-kompaniýasy meşgullanar. Gaumont serialyň ideýasynyň hut şoňa degişlidigini belleýär.

"Biz Jorjo Guççiniň we onuň maşgalasynyň global üstünligi italýan kämilligi we maşgala bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan dünýäde iň meşhur brendleriň biriniň taryhynyň üstünde işlemek pikirini uly höwes bilen kabul etdik" diýip, studiýa belleýär.
Taslama 1921-nji ýylda Florensiýada deri ýantorbalarynyň dükany hökmünde dörän Gucci moda öýüniň döredilmegine ünsi jemlär. Onuň haçan ekrana çykjakdygy heniz belli däl.


07.02.2026 00:28
1.9k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

02.02.2026 15:28
2.7k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.8k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...