Xiaomi diňe bir elektronika we awtoulag satmak islemeýär. Kompaniýa täze Life brendini hödürledi

  • 30.03.2024 23:46
  • 8.1k+

Xiaomi kompaniýasy ilkinji awtomobili SU7-niň satuwynyň başlamagy bilen bir wagtda täze brendini hödürledi. Täze Xiaomi Life brendi ýokary hilli periferiýa gurluşlaryny we aksessuarlaryny döretmek bilen meşgullanar. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Xiaomi Life önüm hatary bir umumy häzirkizaman stilinde ýerine ýetiriljek egin-eşikleriň, başgaplaryň, moda aksessuarlarynyň, kürüşgeleriň, ýantorbalaryň we rýukzaklaryň ähli görnüşlerini öz içine alar. Käbir harytlar Xiaomi-niň ilkinji elektromobiliniň eýeleri üçin niýetlenen awtomobil aksessuarlary bolar.
Ilkinji önümleriň arasyndan, takmynan, 12 ýewro ak ýa-da gara köýnekçäni, polo-köýnekçesini, birnäçe kepkalary we torbalary bellemek bolar. Xiaomi Life SU7 bilen gabat gelýän reňklerde birnäçe çaşka bilen ilkinji gezek hödürlener. Oňa emeli deriden ýasalan ýantorba hem-de şol bir stilde rýukzak hem goşulýar.
Bu brendiň döredilmegi Xiaomi-niň ilkinji elektromobiliniň töwereginde tutuş bir jemgyýeti döretmek synanyşygy ýalydyr. Eýýäm häzir Xiaomi-niň diňe elektromobilleri, smartfonlary we hojalyk tehnikasyny satmakdan başga-da uly maksatlarynyň bardygy aýdyň görnüp dur.


düýn 23:59
1.4k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....