Raýan Gosling hususy prodýuserlik kompaniýasyny açdy

  • 30.03.2024 11:58
  • 3.9k+

Meşhur kanadaly aktýor Raýan Gosling hususy General Admission prodýuserlik kompaniýasyny işe girizdi. Bu barada Variety habar berýär.

General Admission-yň egindeş esaslandyryjysy hökmünde öň Apple-de özboluşly filmleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanan Jessi Henderson çykyş eder.
Kompaniýanyň ilkinji hyzmatdaşy Amazon MGM studiýasy boldy. Üçýyllyk şertnamanyň çäklerinde Gosling diňe bir surata düşmän, eýsem kinoteatrlar we Amazon Prime Video akym hyzmaty üçin täze özboluşly taslamalara prodýuserlik eder.
General Admission-yň hem awtorlyk, hem täjirçilik taslamalaryny çykarmagyna garaşylýar.
Gosling köp sanly baýraklaryň, şol sanda “Altyn globus” baýragynyň eýesi we üç “Oskaryň” hem bir “BAFTA-nyň” dalaşgäridir. Ol “Ýat gündeligi”, “Ýarym-Nelson”, “Draýw” ýaly filmlerdäki keşpleri bilen tanalýar. 2023-nji ýylda Gosling karýerasynda iň girdejili film bolan “Barbide” Keniň keşbini ýerine ýetirdi. 2024-nji ýylyň maý aýynda ekrana onuň gatnaşmagynda “Kaskadýorçylar” komediýasy çykar.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....