Türkmenistan TDG bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýar

  • 28.03.2024 12:44
  • 3.4k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar türki halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu medeni miras umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda baýram edilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Beýik şahyryň eserleri tutuş türki dünýäniň gymmatlygy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, görnükli türkmen şahyrynyň edebi mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilen köp sanly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň bu çärelere işjeň gatnaşmagyny goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bilelikdäki hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.
TDG-niň giňişliginde özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegiň hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmäge, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......