Türkmenistan özünde halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmegi teklip etdi

  • 28.03.2024 12:37
  • 3.6k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi.

Dewid Haggerti Türkmenistanda sportda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurdy.
Döwlet Baştutany HTF-niň güwänamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we muňa Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamy döretmäge, uzak geljege gönükdirilen syýasatyň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, HTF-niň we ATF-niň ýolbaşçylarynyň şu saparyna ýurdumyzyň tennis taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Myhmanlaryň Aşgabatda bolýan wagtynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň tennis ulgamlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikler dörediler. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow saparyň netijeleriniň Halkara tennis federasiýasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine we Türkmenistanda tennis sportuny wagyz etmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň sport giňişliginde, hususan-da, Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýär. Şeýle-de HTF-niň hem-de ATF-niň ýurdumyzda we bütin dünýäde tennis sportuny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardyr. Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýyldan bäri Halkara tennis federasiýasynyň (HTF), 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) agzasy bolup durýar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......