Ilon Mask ýene-de Ýer ýüzündäki iň baý adam boldy

  • 27.03.2024 23:47
  • 18k+

Tesla kompaniýasynyň we X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) ýolbaşçysy Ilon Mask ýene-de dünýädäki iň baý adam boldy. Muny Hytaýyň işewür neşiri Hurun tarapyndan neşir edilen reýting tassyklaýar.

Neşiriň habaryna görä, 2023-nji ýylda Maskyň baýlygy 47% artyp, 235 milliard dollara ýetdi.
187 milliard dollarlyk maýasy bolan Amazon-yň döredijisi Jeff Bezos dünýäniň sanawynda ikinji orunda durýar. Üçünji orny baýlygy 177 milliard dollar diýlip çak edilýän Louis Vuitton Moet Hennessy holdingiň eýesi fransuz telekeçisi Bernar Arno eýeleýär.
Hytaýyň iň baý adamy agyz suwuny öndürýän Nongfu kompaniýasyny esaslandyryjy Çžun Şanşan boldy. Onuň maýasy 450 milliard ýuana (62 milliard dollar) deň bolup, oňa dünýäniň sanawynda 21-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......