Mitsubishi täzelenen Pajero Sport ulagyny tanyşdyrdy

  • 27.03.2024 23:43
  • 13k+

Mitsubishi kompaniýasy Tailandda ozal L200 kysymly pikap ulagynda oturdylan täze 2,4 dizel hereketlendirijisi bilen üpjün edilen Pajero Sport krossowerini tanyşdyrdy.

Zawod görkezijisi 4N16 bolan hereketlendiriji 184 at güýjüni öndürýär we 6 tizlikli awtomatik geçiriş gutusy bilen hereket edýär, pikapda bolsa ol 8 basgançakly awtomat bilen enjamlaşdyrylypdy. Awtoulagda ýolsuz ýerler üçin dört sany sürüş tertibi bar.
Pajero Sport krossoweri düpli täzelenen interýerine eýe: ol täze üç dilli rul, wirtual gurallar paneli, şeýle hem häzirki wagtda Apple CarPlay we Android Auto arkaly simsiz birikmeleri goldaýan media ulgamy interfeýsi bilen üpjün edildi.
Şeýle hem hödürlenýän aýratynlyklaryň arasynda işjeň howpsuzlyk ulgamy we salonyň gyzyl reňkli deri örtügi bar.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....