Soňky 20 ýylda ilkinji gezek. Tesla Model Y Toyota Corolla-dan öňe geçip, dünýäde iň köp satylan awtoulag boldy

  • 27.03.2024 13:20
  • 11k+

Toyota Corolla soňky 20 ýylda ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan awtoulag diýen adyny elden gidirdi. Täze lider soňky ýyllarda uly meşhurlyk gazanan Tesla Model Y elektrik krossoweridir.

Focus2move-nyň berýän habaryna görä, Tesla Model Y-nyň  satuwy 2022-nji ýyldaka garanda  50,8 göterim artyp, 2023-nji ýylda 1,15 million ulag boldy. 2003-nji ýyldan bäri birinji orny eýelän Toyota Corolla-nyň 1,13 million sanysy satylmak (-1,1%) bilen ikinji ýere düşdi.
Focus2move-niň reýtingi her aýda yzarlanýan, 162 ýurtdan alnan maglumatlary göz öňünde tutýar. Reýtingler her ýurduň ýerli häkimiýetleriniň iň soňky beren hasaba alyş maglumatlaryna esaslanýar.

Üçünji ýere 934 910 birlik (+ 5,9%) netije bilen Toyota RAV4 -e geçdi. Reýtingde iň oňat dördünji awtoulag 901 569 satuwy (+ 13,4%) bilen Ford F-Series, onuň yzyndaky 718 422 birlik bilen (+ 18,0%) Honda CR-V boldy. Soňra 640 995 birlik bilen (+ 6,6%) Chevrolet Silverado we 631 580 birlik bilen (−6,3%) iki orun yza geçen Toyota Camry gelýär.
Şeýle hem, ilkinji onluga 628 036 sany täze bellige alnan (+ 11,9%) Hyundai Tucson, 572 483 birlik bilen (−7,6%) Toyota Hilux we 520 578 birlik satuwy bilen Ram alma (−4,6%) girdi.


21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......