Dünýä çempionaty - 2026: Türkmenistanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Eýrany kabul etdi

  • 26.03.2024 22:55
  • 26k+

Şu gün, 26-njy martda Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda dördünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň milli ýygyndylary duşuşdylar.

Duşuşykda Eýranyň milli ýygyndy topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu toparçanyň çäginde geçirilen beýleki duşuşykda Özbegistanyň milli ýygyndysy öz meýdanynda Hytaý Gonkongynyň ýygyndy toparyny uly hasap bilen (3:0) ýeňlişe sezewar etdi.


Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň Özbegistanyň hem-de Eýranyň milli ýygyndy toparlary 10 utukdan topladylar. Türkmenistanyň hem-de Hytaý Gonkongynyň ýygyndy toparlary 1 utukdan topladylar.
Bu toparçadaky bäşinji tapgyryň duşuşyklary 6-njy iýunda geçirilip, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary myhmançylykda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Hytaý Gonkongynyň milli ýygyndysy bolsa Eýranyň ýygyndy toparyny kabul eder. 


düýn 23:46
2.3k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.4k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......