Shell dünýäniň iň gymmat nebitgaz brendleriniň sanawynda ýene-de öňdebaryjy

  • 26.03.2024 22:27
  • 8.4k+

Shell nebitgaz brendi Brand Finance konsalting kompaniýasynyň dünýäniň iň gymmat nebitgaz brendleriniň sanawynda öňdebaryjylygyny dowam edýär. 2023-nji ýylda Shell-iň bahasy 4% ýokarlanyp, 50,3 mlrd dollara ýetdi. Bu barada TASS belleýär.

Brand Finance kompaniýasynyň uly müdiri Sawio D’Souzanyň aýtmagyna görä, Shell-iň nebitgaz pudagynda öňdebaryjy dünýä brendleriniň arasynda lider ornuny saklamagy “kompaniýanyň uzak möhletleýin korporatiw strategiýasy baradaky soraglara garamazdan, ajaýyp durnuklylygy görkezýär”.
Şeýle-de, reýtingiň üçlügine Saudi Aramco (41,6 mlrd dollar) we PetroChina (28,5 mlrd dollar) girdi. Dördünji orunda Sinopec (26,7 mlrd dollar), bäşinji orunda BP (18,5 mlrd dollar) ýerleşdi. Britan kompaniýasy Fransiýanyň TotalEnergies brendi (17 mlrd dollar) bilen ýerini çalyşdy.
Brendiň bahasynyň iň çalt ösüşini Kataryň Qatar Energy döwlet kompaniýasy görkezdi – 82% (3,2 mlrd dollara çenli).


17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5.1k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...