Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy

  • 26.03.2024 15:46
  • 43k+

Meşhur aktýor we Kaliforniýanyň öňki gubernatory, 76 ýaşly Arnold Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy. Bu barada ol Arnold’s Pump Club podkastynda habar berdi diýip, Daily Mail ýazýar.

Şwarsenegger öz habarynda geçen duşenbe güni operasiýa geçirendigini, oňa kardiostimulýator oturdylandygyny aýtdy we özüni gowy duýýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ol operasiýadan dört günden soň daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen uly çärä gatnaşdy. Aktýor bu barada gürrüňi gozgamak islemeýändigini belledi.

“Bu barada gürlemegiň Awstriýadaky terbiýäme ters gelýändigini aýtmak gerek, sebäbi bu ýerde hiç kim hiç haçan lukmançylyk näsazlyklary barada aýtmaýar. Saglygyň bilen bagly ähli zady özüňde saklamaly”.

Şeýle-de, Şwarsenegger dört ýyl mundan ozal köpçülikde ýürek klapanynyň çalşylandygy barada aýdanda, ýürek keselli adamlardan köp sanly habarlary alandygyny aýtdy.

“Adamlar öz göreldäm bilen olary göreşe ruhlandyrandygym üçin minnetdarlyk bildirdiler” – diýip, Şwarsenegger aýtdy.

Ýürek şikesi bilen doglan aktýor öň üç operasiýa geçirdi, netijede onuň klapanlary çalşyldy. Bu operasiýalaryň soňkusy 2020-nji ýylda boldy.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....